Serdar Berdimuhamedow nebitgaz senagatynyň adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy

  • 10.02.2024 00:38
  • 24k+

9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge gönükdirilen soraglara aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.

Mejlisiň dowamynda Serdar Berdimuhamedow nebitgaz pudagynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, wise-premýer B.Amanowa içerki we daşary ýurt sarp edijilerini tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmegiň, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurdygyna üns çekildi. Döwlet Baştutany şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny hem üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.  
Nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak üçin öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda degişli işleri geçirmegiň hem-de täze meýdançalary özleşdirmegi dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekildi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, bu zawodlarda täze ýokary hilli tehnologik önümçilikleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. 
Serdar Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemegi we barlamagy talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, gazylyp alynýan peýdaly gaty magdanlaryň, gurluşyk materiallarynyň we ýerasty suwlaryň geologiýa gözleg-barlag işlerini güýçli depginde dowam etmegiň wajypdygy bellenildi. 
Nebitgaz senagaty boýunça hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, şeýle hem nebitgaz senagatynyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsirini peseltmäge gönükdirilen soraglara aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutany wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......