Türkmenistanly telekeçiler Germaniýada iş tejribeligini geçip bilerler

  • 09.02.2024 10:21
  • 8.8k+

“Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy” atly maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde GFR-de iki hepdelik iş tejribeligini geçmek üçin dalaşgärleri seçip almak boýunça söhbetdeşlik geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Gyzyklanma bildirýän döwlete dahylsyz taraplar 26-njy marta çenli ýüz tutup bilerler. Maksatnamanyň çäklerinde “ýaşyl” ykdysadyýet, “akylly” oba hojalygy we azyk senagaty, saglygy goraýyşda ykdysady hyzmatdaşlyk, umumy ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda türkmen we german taslamalaryna garalar. Maksatnamanyň çäklerinde şeýle-de okuw kurslary geçiriler.
Dalaşgärler iňlis we rus dillerini bilýän ýokary bilimli, dolandyryş ulgamynda ýa-da telekeçilik ugrunda azyndan 2 ýyllyk iş tejribesi bolmalydyr.

Goşmaça maglumaty şu telefon belgisi arkaly öwrenip bilersiňiz:
(+99312) ­39-43-5539-45-72.


24.03.2026 16:33
7.3k+

Türkmenistan Belgraddaky EKSPO — 2027 üçin pawilýon gurmak boýunça gaýtadan bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Belgrad şäherinde geçiriljek EKSPO — 2027 Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisi üçin milli pawilýonyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşigini yglan etdi...

17.03.2026 18:15
2.6k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

31.01.2026 02:46
2.5k+

Aşgabatda geçiriljek sergä Türkiýäniň 100-e golaý kompaniýasy gatnaşar

Şu ýylyň fewral aýynda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärä gatnaşmak üçin Türkiýäniň dürli ugurlarda ýöriteleşen 100-e golaý kompaniýasy hasaba alyndy...

30.01.2026 12:22
2.3k+

Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär...