Serdar Berdimuhamedow Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň Prezident saýlawlarynda ýeňşi bilen gutlady

  • 09.02.2024 07:24
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe Azerbaýjan Respublikasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Ses berlişigiň netijeleri azerbaýjan halkynyň Siziň döwlet gurluşyny berkitmäge, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen ýoluňyza uly ynamynyň we goldawynyň nyşany bolup durýar. Bu möhüm wakanyň Azerbaýjanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, raýatlarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn.
Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellemek guwandyryjydyr we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna uly ynam bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Siziň hut özüňiziň berýän ünsüňiz, uly goldawyňyz üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris” diýlip, hatda bellenilýär.

Serdar Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Azerbaýjanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Azerbaýjanda nobatdan daşary Prezident saýlawlary 7-nji fewralda geçirildi. Onuň netijeleri 
boýunça Ilham Aliýew ýeňiş gazandy.


düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......