Tokioda dünýäde iň uly yşyk şüweleňi geçiriler

  • 08.02.2024 21:16
  • 7.5k+

Ýaponiýanyň paýtagt prefekturasynyň häkimiýeti fewral aýynda dünýäde iň uly yşyk şüweleňini geçirip başlamagy meýilleşdirýär. Ol syýahatçylar üçin meşhur ýer bolan Tokionyň administrasiýasynyň binasyna proýektirlener. Bu barada Ýapon paýtagtynyň gubernatory Ýuriko Koike aýtdy diýip, TASS belleýär.

“Biz muny syýahatçylaryň – hem ýerli ýaşaýjylaryň, hem daşary ýurtly myhmanlaryň, iň bolmanda, bir gezek görmek isleýän täze syýahatçylyk mekanyna öwürmek isleýäris” – diýip, Kyodo agentligi onuň sözlerini getirýär.

Tokionyň administrasiýasynyň eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutandygy bellenilýär. Şeýle-de, 25-nji fewralda işe giriziljek tomaşa etmek üçin mugt şüweleň her agşam geçiriler we Tokionyň administrasiýasynyň tutuş binalar toplumyny gurşap alar.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri Tokio häkimiýetiniň dünýäde iň uly yşyk şüweleňi üçin ýüzlenmesine ýörite dabaranyň açylyş gününde baha berip bilerler diýlip garaşylýar.


düýn 19:36
4.5k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

18.06.2026 22:32
4.1k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:13
4.9k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......