Emeli aň magdan kompaniýasyna Zambiýada ägirt uly mis ýatagyny tapmaga kömek etdi

  • 08.02.2024 07:48
  • 14k+

KoBold Metals magdançylyk startap kompaniýasy Zambiýada ägirt uly mis ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Materialy gözläp tapmakda kompaniýa emeli aňy ulandy diýip, Bloomberg-e salgylanýan “Ekonomiçeskaýa prawda” habar berýär.

KoBold-yň paýdarlary - Bill Geýts we Jeff Bezos tarapyndan goldanýan Breakthrough Energy Ventures, şeýle hem T. Rowe Price Group Inc., Bond Capital, Andreesen Horowitz we Equinor ASA.
Startap Zambiýadaky ýerinde bir ýyldan gowrak wagt bäri buraw işlerini alyp barýar.
Zambiýadaky buraw taslamasyna Mingomba diýilýär. Onuň 400 müň tonnadan gowrak mis gory bar.
Goldmanyň çaklamalaryna görä, desganyň bahasy 2 milliard dollar bolup biler.
KoBold, buraw maglumatlaryny gaýtadan işlemekde we Mingomba şäherinde misiň we kobaltyň gözleglerini optimallaşdyrmakda AI tehnologiýasyny ulanýar.
Kompaniýa kobalt, nikel we litiý ýaly materiallaryň uzak möhletdäki çak edilýän ýetmezçiliginden ugur alýar, şonuň üçin häzirki wagtda tutuş dünýäde batareýa metallaryny gazyp almak boýunça käbir taslamalarda başagaýlyk döredýän arzan bahalar ony alada goýmaýar. Bu metallar senagatda, elektrik ulaglarynda we lukmançylyk enjamlarynda giňden ulanylýar.
Mingomba Afrikanyň ikinji uly mis öndürijisi bolan Zambiýanyň hökümetine köpýyllyk pese gaçyşlygy ýeňmäge we on ýyllygyň dowamynda önümçiligi üç esse artdyrmaga kömek edip biler.


düýn 23:58
1.7k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

15.05.2026 12:36
2.4k+

NASA Jeff Bezosyň 51 müň hemraly «Blue Origin» taslamasyna garşy çykdy

NASA 500-den 1800 kilometr aralygyndaky belentliklere 51 600 sany hemrany uçurmagy göz öňünde tutýan Blue Origin kompaniýasynyň «Sunrise» taslamasyna garşy ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyna närazlyk......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......