Gurbanguly Berdimuhamedow Oleg Kononenkony dünýä rekordyny gazanmagy bilen gutlady

  • 06.02.2024 12:00
  • 15k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany O.D.Kononenkony älem giňişliginde bolmagyň umumy wagty boýunça dünýä rekordyny gazanmagy bilen gutlady.

"Dogrudan-da, Ýere golaý giňişlikde jemi müň gije-gündizläp bolmak mertligiň we gahrymançylygyň nusgasydyr, ähli adamzada wepalylygyň hem-de janyň-teniň bilen gulluk etmegiň mysalydyr.
Türkmenistanyň Gahrymany, Siz älem giňişligini parahatçylykly özleşdirmäge, kosmonawtlaryň ählumumy ösüş maksady bilen geçiren ylmy-barlag, tejribe işleriniň netijelerini peýdalanmaga gönükdirilen pugta erk-islegiňizi görkezdiňiz. Biz Türkmenistanda gadymy türkmen topragynda doglan watandaşymyzyň görnükli älemi öwreniji bolandygyna, öz asylly işinde häzirki wagta çenli görlüp-eşidilmedik sepgitlere ýetendigine buýsanýarys. Ilkinji bolmak hemişe hormatlydyr, şol bir wagtda, ýeňil hem däldir. Sebäbi öňdebaryjy bolmak, ilkinji nobatda, jemgyýetiň, ýurduň, Siziň ýagdaýyňyzda bolsa bütin dünýäniň öňünde hem ýokary jogapkärçilikdir. Täze ýeňişleriň ýolunda Siziň geljekde-de halkara kosmonawtikanyň tuguny mynasyp alyp gitjekdigiňize ynanýaryn.
Siziň kosmos rekordyňyzyň Türkmenistanda, dünýäniň köp ýurtlarynda we halkara guramalarda şanly ýubileýiň — türkmen halkynyň beýik ogly, filosof, akyldar, şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda amala aşyrylandygynyň aýratyn manysy bardyr. Türkmeniň nusgawy şahyry öz şygyrlarynda dost-doganlygy wasp edip, parahatçylyga, agzybirlige, raýdaşlyga çagyrdy, ylym-bilimiň möhüm ornuny belläp geçdi. Älem giňişligini öwrenmegiň, ony Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň bähbidine parahatçylykly maksatlar bilen ulanmagyň esasynda hem hut şu garaýyşlar we gymmatlyklar durýar.
Häzirki kosmos işiňizi tamamlanyňyzdan soňra, türkmen halky Sizi Magtymgulynyň şanly baýramçylygynda Türkmenistanda görmäge şat bolardy. Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze uly üstünlikleri arzuw edýärin" diýlip, Gutlagda aýdylýar.
Oleg Kononenkonyň kosmosdaky missiýasyny 23-nji sentýabrda tamamlamak meýilleşdirilýär. Şondan soňra, Kononenkonyň deňagramsyzlykda geçiren umumy wagtynyň dowamlylygy 1110 güne deň bolar.


11.05.2026 22:55
867

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

03.05.2026 12:23
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde metjidiň we muzeýiň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji maýda Arkadag şäherine baryp, gurluşygyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň......