Honor stratosferada Magic6 Pro smartfonynyň batareýasyny synagdan geçirdi

  • 05.02.2024 18:38
  • 4.1k+

Hytaýyň «Honor» kompaniýasy «Magic6 Pro» smartfony üçin täze batareýany barlamak boýunça geçirilen işler barada gürrüň berdi.

«Honor» kompaniýasynyň hünärmenleri enjamy işläp düzenlerinde adaty grafitiň ýerine kremniý-uglerod anody bilen batareýa öndürmek tehnologiýasyny ulanandyklaryny aýtdylar. Munuň netijesinde, enjam pes temperaturalarda has uzak işleýär. Kremniý-uglerod batareýalarynyň ikinji neslini barlamak üçin «Magic6 Pro» stratosfera çykaryldy.
Kompaniýa kremniý anodynyň kuwwat dykyzlygyny grafitden 10 esse köp üpjün edýändigini, ýöne göwrüminiň 300 göterime çenli ulalýandygyny, munuň bolsa howpludygyny aýtdy. Şonuň üçin «Honor» kompaniýasynyň inženerleri materiallaryň kemçilikleriniň öwezini dolmak üçin kremniý-uglerod anodyny ulandylar. Şeýle hem täze «Power Enhanced Chip Honor E1» çipiniň kömegi bilen enjamyň akkumulýatoryna zarýad bermegiň kuwwatyny 80 watta çenli ýetirip bolýar.
«Magic6 Pro-nyň» pes temperaturada işlemek ukybyna «PhoneBuff» lakamly meşhur «YouTube» blogeri baha berdi. Ol enjamy –20 gradus temperaturaly kamera ýerleşdirdi we wideony açdy – enjam 13 sagat 7 minut işledi.
«Honor Magic6 Pro» ýanwar aýynyň ortalarynda tanyşdyryldy. Enjam 6,8 dýuýmlyk OLED ekran, «Snapdragon 8 Gen 3» çipi, 12 gigabaýt operatiw ýat we 256 gigabaýt goşmaça ýat, 180, 50 we 50 megapiksel obýektiwli üç kamera hem-de 5600 milliamper-sagat sygymly batareýa bilen üpjün edildi.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....