Türkmenistanyň ilçisi Şri Lankanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 05.02.2024 07:34
  • 6k+

Kolombo şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Dabaranyň çäklerinde ilçi Şri Lankanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Öz gezeginde Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem ähli türkmen halkyna hoşniýetli we tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.
Gysga söhbetdeşligiň dowamynda döwletleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge eýe bolan amatly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu babatynda Türkmenistanyň we Şri Lankanyň Merkezi Aziýa sebitinde dostlukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändigi hem nygtaldy.


şu gün 18:54
860

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
617

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......