Ýewropa Bileleşigi emeli aňy kadalaşdyrmagyň düzgünlerini tassyklady

  • 05.02.2024 00:52
  • 1.5k+

Ýewropa Bileleşigi ýurtlary emeli aňyň kadalaşdyrylmagy üçin ÝB-niň ýeke-täk “ählumumy” kanunynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar diýip, Reýter habarlar gullugyna salgylanýan Ferra ýazýar.

Bu ses berişlik Fransiýa, Germaniýa we Italiýa OpenAI-nyň GPT-4 ýaly güýçli AI modellerini kadalaşdyrmak üçin has ýönekeý režimiň talaplary bilen bagly nägileliklerini yzyna alanlaryndan soň geçirildi.
Üç ýurduň wekilleri bu ugurdaky düzgünleri özüňi alyp barmagyň kodeksi bilen çäklendirmek islediler, sebäbi nazaryýet taýdan amerikan kompaniýalaryna bäsdeş bolup biljek Mistral AI we Aleph Alfa ýaly ýewropaly başlangyçlara päsgel bermek islemediler.
Düzgünler ähli pudaklarda: bankdan başlap, sosial we tehnologiýa çenli AI-ni kadalaşdyrmak üçin umumy Ýewropa standartlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirilendir. Şeýle hem AI-ni döwlet howpsuzlygy, harby ulgamlarda we hukuk goraýjy pudaklarda ulanmagyň düzgünlerini işläp düzmek meýilleşdirilýär.
Geljekki kanun AI-ni işläp düzmekde bäsdeşligi ösdürmäge gönükdiriler. Mundan başga-da, Ýewropa Komissiýasy şeýle manipulýasiýalara garşy göreşmek üçin dipfeýkleriň ösüşine gözegçilik edýär.
Bu düzgüni berjaý etmek üçin 13-nji fewralda kanunyň kabul edilmegine ÝB-niň degişli komiteti, soňra bolsa Ýewropa Parlamenti ses berer. Täze düzgünler 2024-nji ýylyň ýazynyň ortalarynda güýje girer we 2026-njy ýylda bolsa ulanylyp başlanar.


düýn 19:47
602

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

17.06.2026 11:27
2.3k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

05.06.2026 15:42
3.5k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......