Türkmen ilçisi Şri Lankanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşdy

  • 04.02.2024 23:45
  • 4.4k+

2-nji fewralda Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Taraka Balasuriýa bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara aragatnaşyklary, nebit-gaz we himiýa senagaty, ulag-logistika, dokma senagaty, syýahatçylyk we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň bardygy nygtaldy.
Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugruna aýratyn üns çekildi. Bu babatynda ilçi, şu ýylda Gündogaryň akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilýändigini hem-de şu mynasybetli 2024-nji ýyl Türkmenistanda "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýip yglan edilendigini belledi.


şu gün 18:54
268

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......