Emeli aň çaganyň gözleri we gulaklary arkaly dil öwrendi

  • 04.02.2024 23:56
  • 7.7k+

Nýu-Ýork uniwersitetiniň gözlegçiler topary çaganyň gözleri we gulaklary arkaly multimodal emeli aň (AI) ulgamyna tälim bermek bilen özboluşly synag geçirdi. Synag wagtynda bir çaganyň gündelik durmuşyndan alnan wideo ýazgylar we audio bölekler ulanyldy diýip, New York University-ä salgylanýan Ferra ýazýar.

Science žurnalynyň soňky sanynda beýan edilen synag AI modeliniň çaganyň oýa wagtynyň bary-ýogy 1 göterimini ulanyp, dürli sözleri we düşünjeleri öwrenip biljekdigini görkezdi.
Her ýyl millionlarça sözi eşidýän çagalardan tapawutlylykda, iň oňat AI ulgamlary trillion sözli tekst boýunça taýýarlanýar. Şeýle-de bolsa, gözlegçiler çaganyň gündelik durmuşynyň ownuk böleklerini ulanmak bilen taýýarlanan AI modeliniň irki dil we düşünjeli ösüş baradaky bilýänlerimizi ep-esli giňeldip biljekdigini görkezdiler.
Multimodal neýron ulgamy alty aýlykdan iki ýaşa çenli çagalaryň görüş we eşidiş tejribelerini düşürýän kellede göterilýän ýeňil kameranyň wideo ýazgylary boýunça tälim aldy. Gözlegiň netijeleri AI-niň, çaganyň gündelik başdan geçirmeleri barada çäkli maglumatlara esaslanyp, sözleri wizual şekilleri bilen baglanyşdyryp biljekdigini görkezýär.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......