Tesla ownuk şrift sebäpli 2 milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrmaga mejbur boldy

  • 04.02.2024 23:47
  • 7.1k+

Tesla ýene bir gezek ulaglaryny yzyna çagyrmaly boldy, emma bu gezek oslagsyz sebäp: şriftiň ölçegi bilen bagly. ABŞ-nyň Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugy (NHTSA) Tesla-nyň dürli modellerindäki käbir duýduryş çyralarynda tekstiň juda ownuk bolup, federal görkezmelere laýyk gelmeýändigini, munuň "sürüjiniň ýagdaýa düşünmegine zyýan ýetirip we heläkçilik töwekgelçiligini ýokarlandyryp biljekdigini" kesgitledi. Bu barada Engadget ýazýar.

Bu çagyryş Model S (2012-2023), Model X (2016-2023), Model 3 (2017-2023), Model Y (2019-2024) we hatda Cybertruck ýaly, 2,2 million ulaga degişlidir. Şeýle-de bolsa, Tesla-nyň eýeleri araçylyň ýanyna baryp görmeli bolmazlar. Olar “howa arkaly” programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini alarlar (uzak aralykdan, OTA arkaly).
NHTSA-nyň barlagynda tormozyň, duralganyň yşarat çyrajyklarynyň we tormozlaryň antiblokirowka ulgamynyň tekst şriftiniň talap edilişinden has kiçidigi anyklandy. Bu olary okamagy, esasanam, ýagtylygyň pes şertlerinde kynlaşdyryp, sürüjiniň reaksiýasyny haýalladyp, heläkçilik ähtimallygyny ýokarlandyryp biler.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....