«Petronas» we «Türkmengaz» Guwlymaýak we Gyýanly şäherçelerinde suw geçirijisini gurarlar

  • 04.02.2024 11:59
  • 22k+

31-nji ýanwarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Hazar deňziniň kenaryndaky Guwlymaýak we Gyýanly şäherçelerini arassa agyz suwy bilen üpjün etjek suw geçirijisini gurmak dabarasy geçirildi. “PETRONAS Çarigali” kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň bu bilelikdäki durmuş maksatly taslamasy ýerli ilatyň suw üpjünçiligini ep-esli gowulandyrmak üçin amala aşyrylýar diýip, ORIENT habar berýär.

Deňiz suwuny süýjediji zawodyň golaýynda geçirilen bu dabara, halkara aktiwler boýunça wise-prezident Mark Fitzjeraldyň ýolbaşçylygyndaky “PETRONAS Çarigali” kompaniýasynyň wekilleri, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky edarasy, Guwlymaýak we Gyýanly obalarynyň hormatly il ýaşululary bilen bilelikde “Türkmenbaşyagyzsuw” kärhanasynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

“Durmuş üçin suw” taslamasynyň çäginde bar bolan süýjediji zawoddan görkezilen obalara çenli 7 kilometrlik suw geçirijisiniň gurluşygy dabaraly ýagdaýda başlandy.
Bu bilelikdäki taslamanyň ähmiýeti diýseň uludyr. Korporatiw jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň çäginde bu möhüm ýaşaýyş maksatly taslama durmuşa geçirilenden soň, müňden gowrak hojalyklar üçin ýaşaýyş çeşmesi bolan arassa agyz suwy elýeterli bolar.
Sagatda 65 kub metr suw üpjünçiligi ulgamynyň dizaýn kuwwaty iki şäherçäniň hem isleglerini kanagatlandyrar, adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrar we hususy hojalyk jemgyýetleriniň hem ösmegine itergi berer. “Durmuş üçin suw” taslamasy deňiz suwuny süýjediji zawodda nasos stansiýasynyň, esasy suw geçirijisiniň, Gyýanly obasynda hersiniň göwrümi 200 m3 bolan iki sany suw howdanynyň we Guwlymaýak şäherçesinde, hersinde 400 m3 göwrümli iki sany suw howdanynyň gurluşygyny şeýle hem, iki ilatly nokatda giň suw üpjünçiligi ulgamyny öz içine alýar.

Halkara aktiwler boýunça wise-prezident Mark Fitzjerald, ýygnananlara ýüzlenip, “PETRONAS”-yň jemgyýetçilik maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hemişe ygrarlydygyny, “Durmuş üçin suw” taslamasynyň soňkusy däldigini aýtdy. Türkmenistana amala aşyran ilkinji saparynda görkezilen myhmansöýerlige tüýs ýürekden hoşaldygyny we Gyýanly we Guwlymaýak şäherçeleriniň jemgyýetçilik wekillerine mähirli garşylandyklary we kompaniýa bildirilen hormat sözleri üçin minnetdarlyk bildirdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......