GDA-nyň Baş sekretary Arkalaşygyň giňişliklerinde bilelikde işlemek taslamalarynda Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berdi

  • 04.02.2024 11:41
  • 4k+

GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew “MIR” teleýaýlymyna interwýusynda Arkalaşygyň giňişliginde integrasiýa taslamalarynda Türkmenistanyň eýeleýän orny barada gürrüň berdi.

"Türkmenistan integrasiýa taslamalaryna, integrasiýa hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýar. 2005-nji ýylda GDA-nyň ähli döwletleri Türkmenistanyň gurama assosirlenen agzalygyny ykrar etdiler. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yglan etdi. Bu ugur we bu syýasat, Bitarap döwletiň hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi Türkmenistanyň GDA-nyň işine gatnaşmagynyň özboluşly aýratynlyklaryny şertlendirýär.
Türkmenistan Arkalaşykda syýasy hyzmatdaşlygyň käbir ugurlarynda synçy hökmünde gatnaşýar. Ynsanperwer ulgam, ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, türkmen döwleti GDA-nyň agzalary bolan beýleki döwletlere görä, köplenç, has işjeňlik görkezýär. Türkmenistanyň ýolbaşçylary, ilkinji nobatda, ozalky Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow we häzirki Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Arkalaşygyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen ençeme başlangyçlary öňe sürdüler" - diýip, Lebedew belledi.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......