Hytaýda ysmaz adam neýroimplantyň kömegi bilen özbaşdak iýmegi we içmegi öwrendi

  • 03.02.2024 13:46
  • 14k+

Sinhua uniwersitetiniň hytaýly alymlary Neural Electronic Opportunity (NEO) atly neýroimplantyň kömegi bilen ysmaz adamyň käbir hereket funksiýalaryny dikeltmegi başardylar. Bu adam awtomobil heläkçiliginiň netijesinde oňurga ýiligine şikes ýeteninden soň eýýäm 14 ýyl bäri el-aýak ysmazyndan ejir çekýär. Oňa çip geçen ýylyň güýzünde oturdyldy we häzir birnäçe aýlap dowam eden türgenleşikden soň ol eline suwly çüýşäni alyp bildi. Alymlar häzir hassanyň özbaşdak iýip-içip bilýändigini habar berdiler, geljekki dikeldiş işleriniň we NEO algoritmleriniň kämilleşdirilmegi netijesinde bolsa ol köp dürli hereketlere ukybyny dikeldip biler diýip, ixbt.com belleýär.

Hytaý implanty, döredijileriň aýtmagyna görä, Neuralink-e garanda has howpsuzdyr. Iki teňňäniň ululygyndaky ykjam çip gönüden-göni beýniniň nerw dokumasyna implantasiýa edilmeýär: ol beýni bilen kelle süňküniň arasyndaky epidural giňişlige ýerleşdirilýär. Onuň akkumulýatory ýok: implant ýokary ýygylykly antennanyň ulanylmagy bilen gysga aralyk simsiz torundan uzakdan zarýad alýar. Implant nerw signallaryny tutýar we olary simsiz kanallar arkaly kellä berkidilen daşarky kabul edijä iberýär. Soňra signallar işlenilip, dakylýan ellik gurluşyna geçirilýär. Onuň kömegi bilen bolsa adam dürli predmetleri alyp bilýär.
Bu Hytaýda implantyň adam beýnisine oturdylan ilkinji ýagdaýydyr. Mundan öň synag haýwanlarda geçirildi. NEO ulgamy 10 ýylyň dowamynda işlenip taýýarlandy we geçen ýylyň güýzünde alymlar ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda synag geçirmek üçin häkimiýetden rugsat aldylar. Heniz implantyň giňden ulanylyşyna rugsat berilýänçä, köp sanly synaglar geçiriler.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....