Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanda 3 sany halkara olimpiada geçiriler

  • 03.02.2024 01:14
  • 9.2k+

2-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalaryna, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçiriler. 
Aprel aýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly  halkara ylmy-amaly maslahatyny we sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki wagtda halkara bäsleşiklerini ýokary derejede guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäklerinde olimpiadalara gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdeplerine çakylyk hatlary ugradyldy. Degişli bilim ojaklarynyň resmi web sahypalarynda bäsleşikleriň bildirişleri, düzgünnamalary ýerleşdirilip, gatnaşmak isleýän zehinli ýaşlary hasaba almak işleri alnyp barylýar. 
Ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligindäki abraýyny dabaralandyrjak we halkara hyzmatdaşlygyna täze depgin berjek bu halkara aň-paýhas bäsleşikleriniň ýeňijilerine dürli derejeli medallar, diplomlar gowşurylar. 
Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyza saparlarynyň çäklerinde döwrebap bilim almaga döredilen şertler bilen tanyşdyrylmagy, Arkadag şäheriniň we paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleriniň guralmagy göz öňünde tutulýar. 


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......