Magtymguly Pyragy seýilgäh toplumynda daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň heýkelleri oturdylar

  • 03.02.2024 00:48
  • 18k+

2-nji fewralda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkellerini oturtmak meýilleşdirilýär.
Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurtly görnükli şahsyýetleriň, meşhur ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň oturdylmagynyň umumadamzat gymmatlyklaryna bolan hormatdan nyşandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu heýkelleriň taslama görnüşlerini has-da kämilleşdirip, degişli işleri geçirmek tabşyryldy.


düýn 10:10
2.9k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......