Arkadag şäherindäki Atçylyk ylmy önümçilik merkezinde atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär

  • 03.02.2024 00:26
  • 4.2k+

“Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Arkadag şäherinde bina edilen Atçylyk ylmy önümçilik merkeziniň barlaghanasynda ahalteke atlarynyň arassa ganlylygyny gorap saklamak maksady bilen, atlaryň genetiki seljerme işleri geçirilýär. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bedewleriň ösüşini we reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek bilen bagly ylmy-barlag işleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň atçylyk hojalyklarynda şu ýylda doglan ýaş taýlary tohumçylyk hasabyna almak we olara ýörite şahadatnamalary bermek boýunça degişli işler geçirilýär.
Döwlet Baştutany ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak maksady bilen, genetiki barlaglary geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, arassa ganlylygyny gorap saklamak, olaryň reňk aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy.


düýn 16:07
1.9k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....