Ýerewanda Türkmenistan bilen Ermenistanyň sport pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

  • 02.02.2024 13:30
  • 2.6k+

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçisi M.Aýazow Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasary K.Giloýan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki döwletiň sport ulgamynda jogapkär döwlet edaralarynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek meselelerine üns berildi.
Кaren Giloýan Ermenistanyň Gýumri şäheriniň GDA döwletleriniň 2024-nji ýylda sport paýtagty hökmünde yglan edilendigini habar berdi. Şol bir wagtda 2024-nji ýylda bu şäherde GDA agza döwletleriň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň maslahatynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Şeýle hem, Ermenistanyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan GDA döwletleriniň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşine ýolbaşçy hökmünde saýlanyp, başlyklyk edip gelýändigi aýtdy.
Ilçi M.Aýazow öz gezeginde Türkmenistanyň iri halkara sport çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrülendigini belläp, K.Giloýana bu sport çärelerinde ermeni türgenleriniň işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Taraplar Türkmenistanda we Ermenistanda geçirilýän sport-bilim çärelerine bu iki döwletiň wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......