Moskwada Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby tanyşdyryldy

  • 02.02.2024 13:24
  • 5.5k+

30-njy ýanwarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyşy we 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Bu çärä türkmen diplomatlary, türkmen diasporasynyň hem-de Moskwada we Moskwa sebitinde okaýan türkmenistanly talyplaryň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda türkmen diplomatlary döwlet Baştutanynyň ilkinji kitabynyň mazmunynyň aýratyn ähmiýetini açyp görkezmek bilen, bu kitabyň Watanyň daýanjy hasaplanylýan ýaşlar üçin öwüt beriji we ýol görkeziji bolup durýandygyny nygtadylar.
Talyp ýaşlaryň wekilleri hem özleri üçin niýetlenen bu kitabyň mazmuny boýunça çykyş etdiler hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öwüt-ündewlerine mynasyp boljakdyklaryna ynandyrdylar.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň häzirki günde hem tükeniksiz pähim-paýhasyň ummany, ahlaklylygyň çeşmesi, watançylyk we ýaş nesil üçin deňi-taýy bolmadyk bilim mekdebi bolan eserleriniň gaýtalanmajak ähmiýetini bellediler.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi E.Aýdogdyýew Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanyp döwlet we halkara derejesinde göz öňünde tutulýan çäreler barada giňden gürrüň berdi.
Dabaraly çäräniň barşynda häzirki zamanda Türkmenistanyň gazananlary baradaky wideorolik, türkmen talyplary tarapyndan ýerine ýetirilen Magtymguly Pyragynyň watançylyk goşgulary öz mynasyp ornuny tapdy.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......