Türkmenistan Kataryň Milli habarlar gulluklary bilen gatnaşyklary ýola goýmagyň meselelerini maslahatlaşdy

  • 01.02.2024 15:10
  • 3.3k+

30-njy ýanwarda Katar Döwletiniň metbugat hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Doha şäheriniň “Dar Al-Sharq” metbugat merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäk ilçisi M.Seýitmämmedow katar tarapyna ýurdumyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan özgertmeler barada habar berdi. Şunuň bilen birlikde, döwletiň maglumat syýasatyna aýratyn üns çekildi. Çärede “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly eseriň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende galdyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere işjeň gatnaşýan ýaşlar üçin ruhy goldaw boljakdygy bellenip geçildi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde şu ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigi barada nygtaldy we gadymy türkmen şäheri Änewiň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilendigi bellendi.
Duşuşygyň dowamynda döwletiň maglumat syýasaty boýunça meselelerine aýratyn üns berildi.
Bu ugurda türkmen tarapy Katar Döwletiniň Milli habarlar gulluklary bilen, hususan-da, “Dar Al-Sharq” metbugat merkezi bilen gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň wajyp bolup durýandygyny nygtamak bilen, iki ýurduň ýeten üstünlikleri we olarda bolup geçýän möhüm wakalar baradaky täzelikleri hem-de habarlary alyşmaklygy hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.


şu gün 18:54
268

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

şu gün 17:39
430

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......