Global Gateway forumynda Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleri barada gürrüň edildi

  • 30.01.2024 15:23
  • 3.7k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiriniň orunbasary Batyr Annaýew ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky durnukly ulag aragatnaşygy boýunça Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilýän Global Gateway maýa goýum forumynda ýurdumyzyň üstaşyr we ulag mümkinçilikleri barada gürrüň berdi. Bu barada Orient habar berýär.

Batyr Annaýew çärede çykyş etmek bilen, ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda möhüm ulag merkezine öwrülmäge mümkinçilik berýän ägirt uly potensialynyň bardygyny aýtdy. Hususan-da, Türkmenistanyň Hazar deňzinde häzirkizaman port infrastrukturasy bolup, onuň yklymda ýükleriň üstaşyr geçirilmegi üçin halkara geçelgesi hökmünde ähmiýeti barha artýar.
Şol bir wagtyň özünde, agentligiň baş müdiriniň orunbasary soňky ýyllarda ýurduň infastrukturanyň, şol sanda demirýollaryň, awtomobil, howa we deňiz ýollarynyň ösüşine işjeň maýa goýandygyny, munuň bolsa ýurduň üstaşyr potensialyny ep-esli artdyrandygyny belledi.
Şeýle-de, ulag pudagyna maýa goýumlaryň döwlet tarapyndan goldawynyň ygtybarly mehanizmleri döredildi. Daşary ýurt maýadarlary ýerli maýadarlar bilen deň hukuklara eýedir, olar kärhanalara eýeçilik edip we dolandyryp, hususylaşdyrmaga gatnaşyp we beýleki ýeňilliklerden peýdalanyp bilerler.
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan geçýän ulag ýollary diňe bir durnukly we howpsuz gatnawlary ýola goýmak üçin uly mümkinçilikleri döretmän, eýsem Ýewropa kompaniýalary üçin maýa goýum mümkinçiliklerini-de döredýär diýip, Batyr Annaýew belledi.
Global Gateway Ýewropa, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we beýleki sebitlerden hökümet wekillerini, maliýe edaralaryny, işewür toparlary bir ýere jemledi. Foruma gatnaşyjylar Hazarüsti ulag geçelgesini Ýewropany we Merkezi Aziýany birleşdirýän multimodal we netijeli ugra öwürmek üçin zerur maýa goýumlary hem çäreleri ara alyp maslahatlaşýarlar.


şu gün 09:55
230

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
636

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

düýn 11:27
1.9k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......