Moskwada Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

  • 29.01.2024 21:10
  • 6.2k+

24-nji ýanwarda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew we onuň bu ýurtdaky belarusly kärdeşi Dmitriý Krutoý Moskwada duşuşyk geçirdiler.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri maslahatlaşyldy. Diplomatlar hususan-da, iki ýurduň birek-bireklerindäki söwda öýleriniň işi barada özara pikir alyşdylar.
Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda, şol sanda GDA-nyň çäklerinde ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejedäki özara gepleşikleriniň tertbine hem garaldy. Demirgazyk - Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň çäklerinde logistika düzümlerini kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratynlykda garaldy.
Ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar ara alyp maslahatlaşmalaryň ýene-de bir esasy mazmuny boldy. Şunda türkmen talyplarynyň Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde okatmak mümkinçiliklerine hem üns çekildi.


düýn 11:32
2.2k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......