German kompaniýasy Arkadag şäherinde desgalary gurmak üçin maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirer

  • 28.01.2024 13:18
  • 9.6k+

Germaniýanyň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” kompaniýasy Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalary we desgalary gurmak üçin maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirer.

Degişli işleri geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama “Arkadag şäherini ösdürmegiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda çykaran 598-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
Belläp geçsek, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça yglan edilen halkara bäsleşiginde GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasy ýeňiji boldy. 27-nji ýanwarda kompaniýanyň ýolbaşçylary Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen GFR-iň “Goetzpartners Emerging Markets GmbH” maslahat beriş kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.


11.06.2026 22:20
6.1k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.7k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....