Netflix Ýaponiýanyň Ponoc studiýasynyň animasion filmlerini satyn alýar

  • 27.01.2024 15:02
  • 2.4k+

Netflix Ýaponiýanyň Ponoc animasiýa studiýasy bilen onuň geljekki filmlerini görkezmek üçin şertnama baglaşýar. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär we kompaniýanyň 2015-nji ýylda Studio Ghibli-niň öňki prodýuseri Ýosiaki Nisimura tarapyndan esaslandyrylandygyny belleýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Netflix-iň görkezjek ilkinji filmi şu ýyl Ýaponiýada eksklýuziw görkezilişden soň çykjak “Hyýaly dost” bolar.
Animasiýa Netflix-iň uly üstünlik gazanan ugry boldy diýip, neşir belleýär. Gilýermo del Toronyň “Pinokkiosy” 2023-nji ýylda iň gowy animasion gysga metražly film üçin “Oskar” baýragyny aldy, baş keşpde Adam Sendler bilen “Leo” bolsa Netflix-iň häzire çenli iň uly animasion film çykyşy boldy we birnäçe hepde strimerleriň sanawynyň ilkinji onlugynda galdy.
Şu hepde N.D.Stiwensonyň “Nimona” grafiki romanynyň adaptasiýasy iň gowy animasion film üçin “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezildi.
Studiýanyň aýtmagyna görä, “Hyýaly dost” ýaş Amandanyň we onuň hyýaly ýoldaşy Radgeriň gözi bilen adamkärçiligiň we döredijiligiň çuňlugyny görkezýär. Olaryň üçekde başlanan fantastiki başdan geçirmeleri olaryň ozal görmedik jandarlaryň we ýerleriň jadyly dünýäsiniň açylmagyna alyp barýar, ýöne nähilidir bir ýaramaz güýç olaryň hyýaly dünýäsini we onuň içindäki dostlugy ýok etmek howpuny döredýär.


04.03.2026 14:13
1.2k+

Garşydaşlar dil tapyşýar: Apple TV+ we Netflix seýrek ylalaşyga gol çekdiler

Apple TV+ hem Netflix kompaniýalary 6–8-nji martda Awstraliýada başlanjak Formula-1 dünýä çempionatynyň täze möwsüminiň öňüsyrasynda özara hyzmatdaşlygy yglan etdiler we awtoýaryşyň tomaşaçylarynyň hatyrasyna ilkinji gezek güýçlerini birleşdirdiler...

01.03.2026 11:55
4.5k+

Indi onuň önümlerine «ýapon telewizorlary» diýilmez: Panasonic TW biznesini Hytaýyň brendine geçirýär

Ýaponiýanyň Panasonic korporasiýasy ABŞ-da we Ýewropada telewizor biznesini dolandyrmagy resmi taýdan Hytaýyň Skyworth kompaniýasyna berýär diýip, Financial Times ýazýar. Ylalaşygyň şertlerine görä, aprel aýyndan başlap Skyworth bellenen sebitlerde ýapon brendiniň önümleriniň logistikasyny, marketingini we satuwyny doly öz boýnuna alar...

28.02.2026 19:26
4.7k+

$110 mlrd meseläni çözdi: Warner Bros. kompaniýasy bilen Paramount ahyr elleşdi

Warner Bros. Discovery kompaniýasy Paramount Skydance bilen bahasy 110 milliard dollara deň bolan birleşmek baradaky şertnamany baglaşdy. Bu barada Paramount kompaniýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Indi bu şertnama Ýewropa komissiýasynyň tassyklamagyna garaşýar...

27.02.2026 18:51
1.8k+

Netflix baha teklibini galdyryp oturman, Warner Bros. Discovery boýunça gepleşiklerden çekildi

Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi...