Alymlar dermanlary derä agyrysyz sançmaga mümkinçilik berýän elektron plastyr döretdiler

  • 27.01.2024 09:58
  • 9.5k+

Demirgazyk Karolina ştatynyň Uniwersitetiniň (ABŞ) inženerleri mikroiňňeleri bolan çeýe elektron plastyr döretdiler, onuň kömegi bilen adam derisi arkaly zerur dermanlary agyrysyz kabul edip biler.

Synag enjamyna «zerurlyk boýunça giňişlik-wagt plastyry» diýmegi aňladýan «Spatiotemporal On-Demand Patch» (SOP) ady berildi. Bu içinde dermanlar bolan kiçijik iňňeler bilen örtülen uly bolmadyk polimer plastinkadyr. Oňa basylanda iňňeler deriniň ýokarky gatlagyna agyrysyz sanjylýar.
Iňňeler telefon ýa-da kompýuter arkaly işjeňleşdirilip bilner. Şeýlelik bilen, her bir adam tertibe laýyklykda, awtomatiki sanjymlar üçin enjamy programmirläp, özi üçin sazlap biler. Enjamdan signal alan plastyr zerur maddalary gyzdyrýar we 30 sekundyň içinde olary goýberýär.
Bu enjam syçanlarda eýýäm üstünlikli synag edildi. Enjamyň kömegi bilen laboratoriýa syçanlaryna ukyny ýokarlandyrýan we berk ukyny üpjün edýän gormon bolan melatoniniň birnäçe dozasyny sanjym etmek başartdy.
Taslamanyň awtorlary bir plastyrda onlarça, hatda ýüzlerçe doza dermanyň saklanyp biljekdigini bellediler. Alymlar bu enjamyň geljekde Alsgeýmer keselini we beýleki hroniki keselleri bejermekde ulanyljakdygyna umyt edýärler.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......