"Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durky täzelener

  • 26.01.2024 23:23
  • 11k+

Aşgabatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň durkuny täzelemek boýunça çäreler görülýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi diýip, "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy. 

Bellenilişi ýaly, paýtagtymyzdaky “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähiniň tutýan umumy meýdany 50 gektara barabardyr. Durkuny täzelemek işleriniň çäklerinde bu ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleriniň ikisini, welosiped ýodalaryny, dynç alyş bassyrmalaryny, suw howuzlaryny, bassyrmaly awtoduralgalary gurmak hem-de döwrebap yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. 
Şeýle hem seýilgähiň çäginde ýaşyl zolaklary döretmek we abadanlaşdyrmak işlerini geçirmek göz öňünde tutulýar. 
Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäherindäki “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XV ýyllygy” seýilgähini döwrebap ýagdaýa getirmegiň, bu bag-bossanly seýilgähde paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin ähli şertleriň döredilmeginiň möhümdigini belläp, onuň ak şäherimiziň binagärlik keşbine laýyk gelmelidigini belledi.
Döwlet Baştutany bu ugurdaky işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýdyp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:15
1.9k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......