Microsoft bazar bahasy 3 trln dollardan geçen taryhda ikinji kompaniýa boldy

  • 25.01.2024 23:43
  • 8.9k+

24-nji ýanwarda Microsoft korporasiýasynyň umumy kapitalizasiýasy paýnamalaryň bahasynyň 1,5% ýokarlanmagy netijesinde 3 trln dollardan geçdi. Şeýlelik bilen, Satýa Nadellanyň kompaniýasy dünýäde şeýle derejä ýetmegi başaran ikinji korporasiýa boldy. Bu barada championat.com habar berýär.

Öň, bazar bahasy 3 trln dollar bolan ilkinji kompaniýa Apple bolupdy. Ol şeýle uly derejä 2020-nji ýylda ýetdi – häzir hem korporasiýa 3,017 trln dollar görkeziji bilen öňdebaryjylygy saklaýar.
Microsoft-yň paýnamalary kompaniýanyň emeli aň pudagyndaky anonslary netijesinde ýokarlanmagyny dowam etdirýär. Korporasiýa her aýda özüniň emeli aň pudagynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýär. Şol bir wagtyň özünde, Apple kompaniýasy ýakynda analitikleriň Hytaýda iPhone smartfonlarynyň satuwynyň pes bolmagy bilen baglanyşykly aladalary sebäpli paýnamalarynyň bahasyny ýitirip başlady.


31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

15.05.2026 10:46
1.8k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......