Tesla 2025-nji ýylda täze Redwood elektromobilini çykarmagy meýilleşdirýär

  • 26.01.2024 09:04
  • 6.4k+

Tesla kompaniýasy 2025-nji ýylyň ortalarynda Redwood ady bilen täze elektromobil modelini çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Reuters agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Awtomobil sarp edijiler köpçüligine niýetlenen ykjam krossower hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň başlangyç bahasy, takmynan, 25 müň dollar. Krossoweriň arzan bahasy kompaniýanyň BYD ýaly hytaý bäsdeşleri bilen bäsleşmegine mümkinçilik berer diýip, agentlik belleýär. Çeşmelere görä, Tesla bir hepdede 10 müňe golaý täze nesil elektromobilini öndürmegi göz öňünde tutýar.
2023-nji ýylyň noýabr aýynda kompaniýanyň eýesi Ilon Mask prototipiniň tanyşdyrylyşyndan dört ýyldan soň Demirgazyk Amerikada täze Cybertruck elektropikapynyň satuwynyň başlanandygyny habar berdi. ABŞ-da onuň başlangyç bahasy 61 müň dollara barabar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......