Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Tokio sapar bilen gider

  • 25.01.2024 22:55
  • 7.4k+

Ýaponiýa iş saparynyň barşynda, 23-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonyň ýolbaşçylygyndaky ýapon deputatlary bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ugurda Türkmen-Ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň wajypdygy bellenildi.
Daşary işler ministri Türkmenistanyň daşary syýasatynda parlament diplomatiýasyna wajyp orun berilýändigini bellemek bilen parlament aragatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek ugrunda ýaşlaryň parlamentara hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigine üns çekdi.
Şeýle hem, netijeli pikir alyşmak üçin taraplar 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Tokio we ýapon parlamentarileriniň Aşgabat şäherine saparlaryny guramak barada ylalaşdylar.


şu gün 22:09
120

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

şu gün 18:14
412

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

şu gün 12:31
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 10:26
476

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......