Disney-iň 100 ýyllygy mynasybetli Hyundai Ioniq 5 Disney100 Platinum Edition hödürlendi

  • 25.01.2024 17:07
  • 7.1k+

Disney-iň 100 ýyllygy mynasybetli Hyundai Motor we Disney DreamWorks kompaniýalary Hyundai Ioniq 5 Disney100 Platinum Edition awtomobilini döretdiler. Bu barada ixbt.com habar berýär. Awtomobil ABŞ-da resmi dilerlerde 1000 birlik çäkli tiraž bilen peýda boldy. Onuň başlangyç bahasy 59 400 dollar, şeýle-de alyjy eltip berme hyzmaty üçin 1 375 dollar tölemeli.

Bu awtomobil Stardust Gold Matte reňki bilen reňklenen, ol 20 dýuým eksklýuziw ýeňil erginden ýasalan disklere we gara logotiplere eýe boldy. Awtomobiliň gapdal taraplary Disney100 Platinum Edition nyşanjyklary bilen bezeldi.
Awtomobil iki reňkli goňur-çal salona eýe boldy. Oturgyçlaryň kelle goýulýan ýerleri we merkezi tirseklikler, halyçalar we gapy kartalar bolsa Disney-iň 100 ýyllygyna bagyşlanan logotipler bilen bezeldi. Haçan-da awtomobil işledilende, enjam panelinde Disney temaly animasiýa görkezilýär.
Hyundai Ioniq 5 Disney100 Platinum Collector’s Edition 320 at güýjüne barabar bolan iň ýokary kuwwatly we 418 km ýol ätiýajy bilen doly herekete getirijiniň iki motorly ulgamy bilen üpjün edildi.
Hyundai Motor Disney-iň ýüzýyllyk baýramçylygynyň eksklýuziw awtomobil hemaýatkäridir. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....