Parižde geçjek Türkmenistanyň maýa goýum forumyna hasaba almaklyk başlandy

  • 24.01.2024 15:31
  • 4.1k+

Türkmenistanyň energetika ulgamyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşmak üçin onlaýn hasaba alnyş başlandy. Bu barada guramaçylar resmi saýtynda habar berdiler.

Öň habar berşimiz ýaly, forum 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriler.
Foruma janly görnüşde gatnaşmak üçin hasaba almaklyk 10-njy aprele çenli; onlaýn gatnaşmak üçin hasaba almaklyk 19-njy aprele çenli dowam eder.
Forum 
Hyatt Regency Paris Étoile otelinde geçiriler. Foruma gatnaşmak üçin şu salgydan hasaba alnyp bolar.
Bu halkara forumyň maksady Türkmenistanyň energiýa pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny berkitmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat bolup durýar.

Forumyň dowamynda nebiti we gazy öndürmek, daşamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Türkmenistanyň energetika ulgamyna halkara maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma diňe bir Türkmenistanda bolman, eýsem tutuş sebitde nebit we gaz pudagynyň geljegini kesgitleýän öňdebaryjy milli we halkara energiýa kompaniýalary, şeýle hem bilermenler gatnaşarlar.
Halkara Forumyň maksatnamasy Türkmenistanyň energiýa pudagyna maýa goýumlaryny çekmekden başga-da, energiýanyň geljegi ýaly mowzuklara ýagny, täze döwrüň energiýasy, içerki we sebitleýin ösüşiň geljegi, uglewodorod ýataklaryny özleşdirilmegiň daşky gurşaw taraplary, energetika ugruna geçmekligi gözleg we ösüş arkaly tizleşdirmek ýaly mowzuklara bagyşlanar.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......