Türkmenistan we Ýaponiýa uglerodsyzlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

  • 23.01.2024 11:55
  • 4.3k+

Türkmenistan we Ýaponiýa uglerodsyzlaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamana gol çekdiler. Degişli resminama 22-nji ýanwarda Tokio şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýtonyň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde gol çekildi. 

Taraplar Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik işinde daşky gurşawa zyýanly zyňyndy gazlaryň möçberlerini azaltmaga ýardam etjek tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada Ýaponiýanyň “Nikkei” gazeti habar berýär. 
Bellenişi ýaly, “Itochu” we “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalary tebigy gazdan benzin öndürýän kärhananyň goşmaça önümçilik düzüminiň gurluşygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýerli döwlet kärhanasy bilen bir ýere jemlendi. Bu şeýle-de uglewodorodlary gazyp almak bilen bagly bölünip çykýan metan gazlaryny azaltmak üçin tehnologiýalary ornaşdyrmaga-da ýardam eder. 
Ýaponiýanyň eksport-karz agentligi (NEXI) “Itochu” we “Kawasaki Heavy Industries” kompaniýalarynyň durmuşa geçiren tebigy gazdan ammiak we karbamid öndürýän himiýa zawodyna tehniki hyzmatlary etmek boýunça ähli çykdajylary öz üstüne alýar. 
Ken Saýto uglerod bitaraplygyny gazanmakda Merkezi Aziýanyň eýeleýän ornunyň barha artýandygyny aýtdy. Şeýle hem, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu ugurda has uly öňegidişligiň gazanyljakdygyny umyt bildirdi.
Hyzmatdaşlygyň anyk mazmunyny pugtalandyrmak maksady bilen Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen uglerody azaldýan tehnologiýalar pudagynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär.
Şeýle hem neşir Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň şu ýylyň ahyrynda Merkezi Aziýa iş saparyny amala aşyryp, altytaraplaýyn sammite gatnaşjakdygyny belleýär.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......