«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

  • 22.01.2024 14:04
  • 3.7k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri ýapon dilinde neşir edildi.

Täze kitap Sukuba uniwersiteti tarapyndan ýapon diline terjime edildi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu eseri türkmen halkynyň taryhyna has giňişleýin garamaga, milli özboluşlylygy, däp-dessurlary, durmuş ýörelgeleri bilen tanyşmaga, halkymyzyň dünýäniň ylmy, ykdysady, medeni ösüşine goşan uly goşandyna düşünmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem kitapda ata-babalarymyzyň beýik işleri, halkymyzyň ruhy gymmatlyklary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleri hakynda söz açylyp, awtoryň häzirki we geljek döwür baradaky çuňňur oýlanmalary beýan edilýär.
Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylyň martynda Ýaponiýada iş sapary wagtynda Gurbanguly Berdimuhamedowa bilim, ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen alymlyk derejesi berildi. Geçen ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitapda Ýaponiýa hakynda ençeme maglumatlaryň ýerleşdirilendigini, hususan-da, häzirki döwürdäki türkmen-ýapon gatnaşyklary barada bellenilip geçilýändigini aýtdy. Ol many-mazmun taýdan täsirli bu eseri ýapon diline terjime etmek isleginiň bardygyny beýan edip, munuň iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

 


27.06.2026 19:38
5.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......