Ilkinji türk kosmonawty SpaceX raketasynda Halkara kosmos stansiýasyna uçdy

  • 20.01.2024 14:27
  • 7.1k+

SpaceX kompaniýasy Axiom Space-iň üçünji täjirçilik missiýasynyň çäginde Türkiýäniň ilkinji kosmonawty Alper Gezerawçini goşmak bilen, kosmos syýahatçylaryny alyp barýan Crew Dragon kosmiki gämisini Halkara kosmos stansiýasyna iberdi.

Falcon 9 raketasy Florida ştatynda ýerleşýän Kennedi adyndaky Kosmos merkezinden 18-nji ýanwarda Ýuwaş umman wagty bilen (19-njy ýanwar, aşgabat wagty bilen 02: 49-da) 16: 49-da uçuryldy.
Ax-3-iň ekipažynda ilkinji türk kosmonawtyndan başga-da, Ispaniýada doglan kosmonawt we ABŞ-nyň Harby deňiz flotunyň weterany Maýkl Lopes-Alegriýa, Italiýanyň Harby-howa güýçleriniň polkownigi we pilot Walter Willadeý hem-de Şwesiýanyň synagçy-piloty Markus Wandt bar.
Axiom-3 missiýasy ekipažyň HKS-da mikrograwitasiýada, takmynan, 14 gün bolup, biologiýa, fiziologiýa, tehnologiýa ylymlary we Ýer hakdaky ylymlar ýaly, 30-dan gowrak ylmy synaglary geçirmegini göz öňünde tutýar.

Ax-3 -iň uçurylmagy kosmos syýahatynyň täjirleşdirilmeginde möhüm tapgyrdyr. Bu HKS-a hususy kompaniýa tarapyndan doly maliýeleşdirilýän ilkinji missiýadyr.
Kompaniýanyň esasy maksady - ahyrynda HKS-yň ornuny tutjak hususy kosmos stansiýasyny gurmak. Axiom Space hususy kosmos stansiýalarynyň döwlet eýeçiligindäki kosmos stansiýalaryna garanyňda has elýeterli we netijeli  boljakdygyna we astronawtlar üçin has gowy tejribe berjekdigine ynanýar.


11.06.2026 10:55
1.7k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....