Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklarynyň strategiýasyna gaýtadan sereder

  • 19.01.2024 13:51
  • 4.4k+

Ýewropa Parlamentiniň deputatlary Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) 2019-njy ýylda kabul eden Merkezi Aziýa strategiýasyna gaýtadan seretmek boýunça karar kabul etdiler.

Çarşenbe güni Strasburgda geçirilen ýygnanyşykda parlamentiň 543 deputaty bu karary goldady, 42-si garşy ses berdi, 44-si bolsa saklandy. Bu karar Ýewropa Bileleşiginiň döwletlerini Merkezi Aziýa ýurtlary bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge çagyrýar.
Resminamada bellenişi ýaly, Merkezi Aziýa Ýewropa Bileleşigi üçin howpsuzlyk we ulag ugurlary, şeýle hem energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa etmek, netijeli söwda ugurlaryny ösdürmek babatda strategik taýdan möhüm sebitdir. Mundan başga-da, iki sebitiň howanyň üýtgemegi ýaly ugurlarda möhüm umumy gyzyklanmalary we maksatlary bar.
Kabul edilen resminama Merkezi Aziýa sebitiniň geostrategiki ähmiýetini göz öňünde tutup, Ýewropa ýurtlaryny bu sebitiň döwletleri bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, syýasy-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem infrastrukturalara, hususan-da Orta geçelge ugry boýunça maýa goýum işjeňligini artdyrmaga çagyrýar. Merkezi Aziýa döwletlerinde, esasanam Orta Koridorda infrastrukturany ösdürmäge maýa goýumlaryny goldaýan banklar.
Deputatlar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parlament hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny bellediler diýip, ORIENT habar berýär.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....