Ysraýyl dünýäde ilkinji bolup emeli sygyr etiniň satylmagyna rugsat berdi

  • 18.01.2024 18:04
  • 25k+

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministrligi sygyr etine esaslanýan, laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen etiň satylmagyny makullady. Bu barada ministrligiň metbugat sekretary Şira Solomon telegram kanalynda habar berdi.

«Alternatiw belogy barlap görmek boýunça synag maksatnamasynyň çäklerinde [...] dünýäde ilkinji gezek towuk etinden däl-de, iri şahly mallaryň öýjüklerinden alnan we ösdürilip ýetişdirilen eti öz içine alýan önüm tassyklandy» diýip, Solomon belledi.

Ol azyk tehnologiýalaryny işläp düzüji «Aleph Farms Ltd.» kompaniýasyna emeli eti satmaga rugsat berlendigini aýtdy.
Ysraýylyň Milli azyk gullugy alternatiw iýmit çeşmelerini ösdürmek üçin ýurtdaky alternatiw belok önümçiligine ýöriteleşen meşgullanýan kompaniýalar bilen gepleşikleri dowam etdirýär.
Tebigy haýwan etinden başga-da, emeli we ösümlik esasly etler bardyr.
Emeli (ösdürilip ýetişdirilen) etler haýwanlaryň, mysal üçin, guşlaryň ýa-da iri şahly mallaryň öýjükleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi esasynda döredilen önümlerdir. Şeýle etiň aýratynlygy onuň hiç haçan hakyky haýwanyň bir bölegi bolman – laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilmegidir.
Ösümlik esasly et nohutdan, soýadan ýa-da bugdaýdan ýasalýar. «QUORN» kompaniýasy kömelek miseliýasy (kömelegiň ýeriň aşagynda ýerleşýän bölegi) esasynda önüm öndürmäge başlady.
Ösümlik esasly etden tapawutlylykda, emeli et wegetarianlar üçin niýetlenen önüm däldir.
Ýeri gelende bellesek, 2020-nji ýylda Singapur dünýäde ilkinji bolup naggetsleri laboratoriýada ösdürilip ýetişdirilen towuk etinden ýasamaga rugsat berdi.


05.04.2025 21:31
9.2k+

Ysraýylda üç ýaşly gyzjagaz bürünç asyryna degişli tumar tapdy

Ziw Nisan atly üç ýaşly gyzjagaz Ysraýylyň Tel-Azeka sebitinde 3800 ýyllyk skarabeý tumaryny tapdy. Çagylly ýoldan ýöräp barýarka, owadan gören daşyny ýerden galdyrypdyr. Ýüzünden çägäni kakyp aýrandan soň, tapyndynyň...

02.04.2025 10:40
10k+

Arheologlar Ysraýylda 2200 ýaşly, hazynadan doly piramida tapdylar

Iudeý çölündäki Nahal-Zoar jülgesinden 2200 ýaşly, artefaktlardan doly piramida binasy tapyldy diýip, Ysraýylyň Gadymy gymmatlyklar müdirligine salgylanýan Daily Mail ýazýar. Binanyň beýikligi 6 metrden gowrak...

02.12.2024 22:32
14k+

Ysraýylda 12 ýaşly okuwçy gyzjagaz tomzak şekilli gadymy Müsür tumaryny tapdy

Ysraýylda 12 ýaşly okuwçy gyz Dafne Filşteýner tomzak şekilli gadymy Müsür tumaryny tapdy. 3500 ýyldan gowrak ýaşly bu artefakt Ysraýylyň Gadymy ýadygärlikler müdirligine öwrenmek üçin geçirildi diýip, “Wokrug...

21.09.2023 15:39
5.3k+

Mask X (öňki Twitter) sosial ulgamyny doly tölegli eder

Ilon Mask ozal Twitter ady bilen tanalýan X sosial ulgamynyň geljekde doly tölegli boljakdygyny aýtdy. Milliarder Ysraýylyň premýer-ministri Binýamin Netanýahu bilen göni ýaýlymda aragatnaşyga çykanda meýilleşdirilen...