Dört aý synanyşykdan soň, NASA Bennu asteroidiniň nusgalary bolan modulyň gapagyny açmagy başardy

  • 15.01.2024 17:41
  • 11k+

Dört aý synanyşykdan soň NASA-nyň inženerleri Bennu asteroidiniň nusgalary saklanýan kapsulanyň gapagyny açmagy başardylar. Munuň üçin olar ýörite gurallary döretmeli boldular diýip, IXBT.com belleýär.

Gapagy berkidýän 35 boltdan ikisi gymmat bahaly nusgalara ýetmekde esasy päsgelçilik boldy. Aýratyn şertler sebäpli - kapsula çaklaň germetikli kamerada ýerleşýär - we asteroid nusgalarynyň ýerüsti mikroorganizmler ýa-da mikrobölejikler bilen hapalanmagyny aradan aýyrmak zerurlygy bolany sebäpli inženerler çynlakaý usullary tapmaly boldular. Alymlar TAGSAM kamerasynyň kellesini sökmegi dowam etmek üçin iki sany köp komponentli guraly, şol sanda hirurgiki, magnit däl poslamaýan poladyň belli bir markasyndan bolan goşmaça geýdirilýän bölekleri ýasadylar.
Synagdan öň Jonson topary ýörite laboratoriýada bolt aýyrmagyň täze gurallaryny we usullaryny synagdan geçirdi. Her üstünlikli synagdan soň inženerler tork görkezijilerini ýokarlandyrdylar we täze gurallaryň wezipäni ýerine ýetirjekdigine gözleri ýetýänçä synag amallaryny gaýtaladylar.
Öňde moduly sökmegiň birnäçe basgançagy bar, emma indi çynlakaý mesele ýüze çykmaly däldir.
OSIRIS-REx missiýasynyň Ýerden, takmynan, 120 million km uzaklykda ýerleşýän Bennu asteroidine toprak nusgalaryny almak we Ýere getirmek üçin ugrandygyny ýatladýarys. Wezipe üstünlikli boldy we zonduň özi bolsa täze maksada tarap ugrady.


şu gün 10:53
1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....