Türkmenistanda 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we ordinatura kabul etmegiň sanynyň taslamasy taýýarlanyldy

  • 13.01.2024 16:24
  • 14k+

Türkmenistanda 2024-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky taslama taýýarlanyldy.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesowyň habar berşi ýaly, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri, tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli işler geçirildi. Olaryň teklipleri esasynda, 2024-nji ýylda ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura, doktorantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky taslama taýýarlanyldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berilýändigini, ony ösdürmek boýunça köp işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere 2024-nji ýylda aspirantura, doktorantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmek boýunça degişli işleri guramaçylykly geçirmek babatda birnäçe tabşyryklar berildi.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......