Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna baryp gördi

  • 13.01.2024 07:47
  • 52k+

Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň dowam edýän ýerine bardy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ähmiýetli ýoluň gurluşygynda işleýän ýol gurluşykçylar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň iş şertleri bilen gyzyklandy.
Ýolgurluşyk inženeri S.Ýowşanow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň başlangyç böleginde hem işländiklerini, häzir bolsa bu ýoluň Tejen — Mary böleginde zähmet çekmek bagtynyň miýesser edendigini gürrüň berdi. Häzirki döwürde döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde, gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyry ýokary depginde dowam edýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu maglumatlaryň örän gowy görkezijidigini belläp, gurluşykçylary gazanýan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olaryň bu ugurda toplan iş tejribeleri, ýol gurluşygynyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýol, köpri gurmagyň, bina galdyrmagyň türkmen halkynda sogap iş hasaplanýandygyny belläp, gurluşykçy bolup, gol beren kärinden rysgal-bereket tapmagyň döwletlilikden nyşandygyna ünsi çekdi, şeýle hem bu ýerde ulanylýan tehnikalaryň aýratynlyklary, ýol gurmagyň beýleki gurluşyk işlerinden tapawudy bilen gyzyklandy.
Ýol gurluşykçylar türkmen halkynyň Milli Liderimine öz aralaryna gelip, hal-ýagdaýlary, alyp barýan işleri bilen gyzyklanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde yhlasly zähmet çekýän ýol gurluşykçylar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow olara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlary gowşurdy.


düýn 19:38
4.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.6k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......