BMW 2023-nji ýylda 2,56 mln awtomobil satdy – bu rekord

  • 11.01.2024 20:07
  • 19k+

Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG awtoöndürijisi 2023-nji ýylda rekord 2,56 mln awtomobil satdy. Kompaniýanyň metbugat-relizinde habar berlişi ýaly, ýylyň dowamynda üpjünçilik 6,5% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, dördünji çärýekde ösüş 10% - 718,8 müň awtoulaga barabar boldy.

2023-nji ýylda BMW brendiniň awtoulaglarynyň satuwy 7,3% ýokarlanyp, 2,25 mln birlige, MINI – 0,9% ýokarlanyp, 295 müň birlige, Rolls Royce – 0,2% ýokarlanyp, 6032 awtoulaga ýetdi. Mundan başga-da, kompaniýa 209 müň motosikl satdy, bu bolsa bir ýyl ozalkydan 3,1% köpdür.
BMW öňde goýlan maksada ýetip, elektromobil paýyny umumy görkezijiniň 15%-ine ýetirdi. Elektrik hereketlendirijili awtoulaglaryň satuwy 74% ýokarlanyp, 376 müň birlige ýetdi. Şu ýyl kompaniýa 500 müňden gowrak elektrokar satmagy meýilleşdirýär.
BMW satuwy ABŞ-da 9,4% - 395,7 müň awtomobile, Ýewropada 7,5% - 942,8 müň awtomobile, Hytaýda 4,2% - 824,9 müň awtomobile çenli ýokarlandy.
Soňky üç aýda kompaniýanyň kapitalizasiýasy 3,6% ýokarlanyp, 63,8 mlrd ýewro ýetdi.


22.06.2026 14:34
2.7k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......