Serdar Berdimuhamedow Seýed Ebrahim Raisi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 05.01.2024 01:08
  • 10k+

4-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söhbetdeşler iki halkyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklaryň gadymdan gözbaş alýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.
Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy we gaýtadan işleýän pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirendigi üçin Serdar Berdimuhamedowa we Gurbanguly Berdimuhamedowa ýene bir gezek hoşallyk sözlerini beýan etdi.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......