Tesla 2023-nji ýylyň jemi boýunça iň gowy elektromobil öndürijisi adyny saklady

  • 04.01.2024 15:30
  • 7k+

Tesla kompaniýasy 2023-nji ýylyň jemi boýunça iň uly elektromobil öndürijisi boldy. Bu barada kompaniýanyň hasabatyna salgylanyp, ixbt.com habar berýär.

2-nji ýanwarda Tesla Motors kompaniýasy 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde 494 989 awtomobil öndürendigini we 484 507 awtomobil bilen üpjün edendigini habar berdi. Geçen ýyl kompaniýa, umuman alanyňda, bazara 1 808 581 awtomobil iberdi. Bu hem Tesla ýylyň dowamynda elektromobil üpjünçiligi boýunça iň gowy öndüriji adyny saklamaga mümkinçilik berdi. Onuň iň ýakyn bäsdeşi BYD-yň görkezijisi 1 574 822 birlik boldy.
Tesla-nyň iň meşhur modelleri Model 3 we Model Y bolup, çärýegiň dowamynda 461 538 awtomobil bazara iberildi we 476 777 awtomobil öndürildi. 2023-nji ýylda Tesla jemi 1 775 159 birlik Model 3/Y öndürdi we 1 739 707 birlik Model 3/Y bazara iberdi.  
Tesla resmi metbugat relizinde 24-nji ýanwarda dördünji çärýek we tutuş 2023-nji ýyl üçin maliýe hasabatlaryny neşir etjekdigini hem-de arassa girdejiniň we pul dolanyşygynyň netijelerini yglan etjekdigini aýtdy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......