Täze Porsche Taycan Nýurburgring ýolunda Tesla Model S Plaid-den we özünden öňki modelden ýarym minut öňe geçdi

  • 04.01.2024 15:24
  • 6.8k+

Porsche Taycan-yň täze wersiýasy Nýurburgring ýolunda Tesla Model S Plaid-den 28 sekunt öňürdip, ady rowaýata öwrülen ýolda iň çalt Porsche-leriň biri boldy. Tejribeli synagçy Lars Kern tarapyndan dolandyrylýan awtoulag 7 minut 7 sekunt wagt görkezdi diýip, Autocar-a salgylanýan IXBT.com habar berýär.

Model hatarynyň öňbaşçysy (ähtimal - Turbo GT) Porsche-niň öňki iň çalt awtoulagy Taycan Turbo S-den 26 sekunt çaltlyk görkezip, seriýalaýyn öndürilýän elektrik ulaglarynyň  täze aýlaw rekordyny goýmaga synanyşdy.
Kern “elimden gelenini etdim" diýdi.

“Ýigrimi alty sekunt – bu awtoulag sportunda ýarym bakylykdyr. Demirgazyk halkada Larsyň aýlaw wagty 7:07,55 bolup, haýran galdyryjydyr. Bu Taycan-y elektrik giperkarlary bilen deň hatarda goýýar. Munda iň täsir galdyryjy zat - Larsyň birnäçe aýlawyň dowamynda şol bir wagty görkezmegidir"- diýip, Taycan-yň model hatarynyň ýolbaşçysy Kewin Gik belledi.

Porsche-niň insaýderleri hemişekileri ýaly kuwwatlylygyň görkezijilerini yglan etdiler. Myş-myşlara görä, Model S Plaid-den yza galmazy ýaly, onuň kuwwaty  1000 at güýji töweregi boljakmyş.


22.06.2026 14:34
3.1k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......