Türkmenistan we Owganystan türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek hakynda şertnama gol çekdiler

  • 04.01.2024 13:00
  • 10k+

Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji müdiri Alhaj mulla Muhammad Hanif Hamza we onuň wekiliýeti Türkmenistana iki günlük saparyň dowamynda energetika ministri Annageldi Saparow we “Türkmenenergo” korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Saparyň dowamynda 2024-nji ýylda energiýa bilen üpjün etmek barada şertnama gol çekildi.

Şertnamanyň çäginde 1,8 milliard kilowatt-sagada çenli energiýa dört ugur boýunça iberiler: Andhoý, Akina, Badgis we Turgondaý-Hyrat. Şeýle-de, “Türkmenenergo” Şebergandan Argandaýa çenli 500 kW elektrik geçiriji liniýasynyň tamamlanjakdygyny aýtdy. Bu liniýa ýakynda açyldy we Türkmenistanda has köp elektrik energiýasyny satyn almaga mümkinçilik berer.
Duşuşykda Hyrat welaýatyndaky Nurul Jihad kiçi bekediniň taslamasy hem maslahatlaşyldy. Bu taslama boýunça Breshna bilen “Türkmenenergo” kompaniýalarynyň arasynda şertnama gol çekildi. “Türkmenenergo” korporasiýasyna bu beketdäki işleri gysga möhletde tamamlamak tabşyrylypdy.
Owgan tarapy Türkmenistana hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi we häzirki kyn günlerde dowamly goldawyň zerurdygyny aýtdy.


27.05.2026 14:21
4.8k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

19.05.2026 08:02
5.4k+

Dünýäde elektrik energiýasynyň ýarysyndan gowragy heniz hem gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna üpjün edilýär

Gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösüşiniň rekord derejeli tizligine garamazdan, 2025-nji ýylda dünýäniň elektrik energiýasynyň esasy bölegi öňküsi ýaly gazylyp alynýan ýangyjyň hasabyna öndürildi....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....