Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy

  • 31.12.2023 10:36
  • 23k+

30-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň köpugurly sport toplumynda täze şäheriň futbol toparynyň türgenleri we ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow täze toparyň futbolçylaryny gazanan ajaýyp ýeňişleri bilen gutlady hem-de olar bilen öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadag» futbol toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgat beren awtobusyny synlap, onuň enjamlaşdyrylyşy, awtobusyň özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Täze awtobusyň keşbinde futbol toparynyň nyşany, aýratyn-da, Arkadag şäheriniň baş bezegine we ady rowaýata öwrülen Akhan atly şöhratly bedewiň şekili ýerleşdirilipdir.
Belläp geçsek, «Arkadag» futbol topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony bolup, şeýle hem final ýaryşynda ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow Köpugurly sport toplumynda «Arkadag» futbol toparynyň ähli türgenlerini, ýolbaşçylaryny gazanan ýeňişleri hem-de Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, olara täze ýylda hem uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow uly ýeňşe mynasyp bolan futbolçylaryň türkmen sportunyň halkara giňişligindäki abraýynyň belende galmagyna mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda täze toparyň futbolçylaryna ýadygärlik hökmünde futbol topuna gol çekip duran suratyny Arkadag şäheriniň futbolçylaryna sowgat gowşurdy we futbolçylaryň şu ýylky gazanan ýeňşiniň täze üstünlikleriniň başlangyjydygyny belledi.
“Arkadag” futbol toparynyň futbolçylary suraty çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul edip, bu sowgadyň özlerini täze ýeňişlere ruhlandyrjakdygyny hem-de onuň toparyň muzeýiniň iň ähmiýetli gymmatlyklarynyň birine öwrüljekdigini uly buýsanç bilen nygtadylar.
Futbolçylar we toparyň ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowdan özleri bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri futbolçylaryň haýyşyny kanagatlandyryp, olar bilen ýadygärlik surata düşdi.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....