Hytaý ýylyň jemi boýunça dünýäniň iň uly awtoulag eksportçysyna öwrüler

  • 31.12.2023 19:47
  • 12k+

Hytaý 2023-nji ýylyň jemi boýunça Russiýanyň we Meksikanyň bazarlaryna üpjünçiligiň ýokarlanmagy netijesinde dünýäniň iň uly awtoulag eksportçysy bolar. Bu barada “Nikkei” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär.

Hytaýyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda HHR-de ýygnalan awtomobilleriň eksporty ýyllyk aňlatmasynda 58,4% ýokarlanyp, 4,41 mln birlige barabar boldy. Şol döwürde Ýaponiýa üçin bu görkeziji 3,99 mln awtomobil boldy we ýylyň jemi boýunça eksportyň umumy möçberiniň 4,3 mln birlik bolmagyna garaşylýar. Soňky ýyllarda Ýaponiýa dünýäniň awtomobil eksportçylarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi, diňe 2016-njy ýylda Germaniýadan yza galdy.
2023-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Hytaý RF-e 730 müňe golaý awtomobil iberdi, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan ýedi esse köpdür.
Russiýadan soň ikinji orunda Meksika ýerleşýär, bu ýerde hytaý awtomobilleri bilen üpjünçilik 71%, 330 müň birlige çenli ýokarlandy.
Şeýle-de, Hytaý elektromobilleriň we alternatiw energiýa çeşmelerinde işleýän beýleki ulag serişdeleriniň global eksportyny ep-esli ýokarlandyrdy. Ýewropadan başga-da, hytaý elektromobilleri Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda-da meşhurlyk gazanýar. Mysal üçin, elektrik hereketlendirijili hytaý awtoulaglarynyň Tailanda eksporty geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende iki esse artdy. 


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....