ÝB Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary dowamly giňeltmäge taýýar

  • 29.12.2023 17:39
  • 4k+

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peska döwlet metbugatynda neşir edilen ýurduň raýatlaryna gönükdirilen Täze ýyl ýüzlenmesinde Brýusseliň Aşgabat bilen gatnaşyklary ähli ugurlarda giňeltmäge taýýardygyny belledi.

“Biz 2024-nji ýylda dürli ugurlarda Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge çalyşýarys. Dünýä üçin kyn bolan bu ýyly yzda galdyrmak bilen, biz ýüregimizde täze ýylyň bize parahatçylyk we adalatlylyk, rowaçlyk, üstünlik we täze öňegidişlikleri getirjekdigine bolan berk ynamy saklaýarys” – diýlip, habarda aýdylýar.

Ol Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynda geçip barýan ýylda gazanylan üstünlikleri bellemek bilen, ýurduň “ÝB – Merkezi Aziýa” ministrler duşuşygyna gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn belläp geçdi hem-de 2024-nji ýylda şeýle formatdaky duşuşygy kabul etmäge taýýardygyna minnetdarlyk bildirdi.
2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belledi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....