«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi (sanawy)

  • 28.12.2023 08:54
  • 5.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmek hakynda Karara gol çekdi. Bäsleşikde ýeňiji bolanlaryň her birine Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we 3500 (üç müň bäş ýüz) manat pul baýragy gowşuryldy.

Ýeňijiler şulardan ybarat:

  • Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Serdarowiç Çaryýew;
  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Gülnar Gurbanmyradowna Geldimyradowa;
  • Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň adam anatomiýasy, topografik anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň mugallymy Merjen Berdiýewa;
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň buhgalteriýa bölüminiň 1-nji derejeli buhgalteri Çarygeldi Nurmyradowiç Gurbanow;
  • Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň pedagogika mugallymy Kakajan Hojagurbanowiç Çaryýarow;
  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Güljemal Rejepowna Myradowa;
  • Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Salyh Mämmetsapar ogly Saparmämmedow;
  • Türkmen döwlet medeniýet institutynyň kitaphanaçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gurbangül Mämmetnazarowna Bekbaýewa;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň önümçilik meseleleri boýunça orunbasary Isgendermuhammet Annamuhammedowiç Annamuhammedow;
  • Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň 1-nji derejeli artisti Guwançmyrat Amanmämmedowiç Allanazarow;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksat Agamuradowiç Hudaýberdiýew;
  • Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy Annageldi Öwezmuhammedowiç Annaýew;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň saz nazaryýeti bölüminiň ikinji derejeli mugallymy Kerim Gadamowiç Jumagulyýew;
  • Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň estrada artistleri toparynyň 1-nji derejeli artisti-wokalisti Üýşenmyrat Meretmuhammedowiç Annanurow;
  • Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Bägül Döwletgeldiýewna Maşadowa.

düýn 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......