Türkmenistan bilen Russiýanyň haryt dolanyşygy 8% artdy

  • 27.12.2023 15:31
  • 7.1k+

2023-nji ýylyň on aýynda Türkmenistan bilen RF-iň arasyndaky özara haryt dolanyşygy fiziki aňlatmada 8% - 535 müň tonna çenli ýokarlandy. Russiýanyň eksporty 5,5%, Türkmenistandan import bolsa 21% ýokarlandy. Türkmenistandan Russiýa azyk harytlarynyň we oba hojalyk çig mallarynyň iberilişi 33%, himiýa senagat önümleriniň iberilişi bolsa 57% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Dmitriý Wolwaç ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Rus-Türkmen komissiýasynyň çäginde Söwda we maýa goýum goldawy boýunça ýokary derejeli toparyň 9-njy mejlisinde aýtdy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Geçen hepde Moskwada geçirilen duşuşykda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, özara söwdany kämilleşdirmegiň şertlerini, senagat, energetika, gurluşyk hem-de bilim pudagyndaky bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar diýlip, RF-iň Ykdysady ösüş ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar Russiýanyň eksport goldawy guramalarynyň rus we türkmen kompaniýalarynyň arasynda söwda we maýa goýum şertnamalaryny durmuşa geçirmekde maliýe we mäliýe däl goldaw çärelerini bermek mümkinçiliklerini seljerdiler, 2024-2026-njy ýyllar üçin Russiýanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasyna seretdiler.
Wolwaçyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Russiýanyň Ykdysady ösüş ministrligi Türkmenistanyň çäginde Russiýanyň gatnaşmagyndaky 36 taslama gözegçilik edýär. Bulardan 11 taslama ulanylyşa bermek tapgyrynda, 21 taslama maýa goýum tapgyrynda, 10 taslama işjeň durmuşa geçiriş tapgyrynda. Mundan başga-da, dürli önümleriň üpjünçiligini guramak boýunça 15 taslama dürli taýýarlyk derejesindedir. Infrastruktura pudagynda 9 taslama durmuşa geçirilýär.
Ministriň orunbasary üstünlikli taslamalaryň arasynda Türkmenistanyň paýtagtynyň weýrançylykly sillerden doly goragyny we şäher gurmalarynyň dag suwlaryndan goragyny üpjün edýän desgalar toplumynyň gurluşygyny belläp geçdi. Nebitgaz pudagynda 3 taslama, senagat pudagynda 19 taslama durmuşa geçirilýär. Täze Arkadag şäheriniň gurluşygy üçin hem 300 müň tonnadan gowrak sozma önümleri bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşyldy.
Şeýle-de, duşuşyga gatnaşyjylar 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda geçiriljek ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Rus-Türkmen komissiýasynyň mejlisiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. 


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......